«Garlyk kaliý
dag-magdan toplumy»

Kaliý dökünlerini öndürmek

Biz barada

Türkmenistanda “Garlyk kaliý dag-magdan toplumy” kaliý dökünlerini öndürýän ilkinji senagat kärhanasydyr. Toplumyň gurluşygy Türkmenistanyň Prezidentiniň 2010-njy ýylyň 15-nji ýanwaryndaky 10802 belgili Kararyna laýyklykda amala aşyryldy. Gurluşygyň baş potratçysy “Belgorhimprom” APJ (Belarus Respublikasy) boldy. Toplum 2017-nji ýylyň 31-nji martynda ulanmaga berildi.

Önüm

Kaliý hloridi

Daşky görnüşi:
> Çalymtyk-ak reňkli ownuk kristallar ýa-da gyzyl-goňur reňkli dürli öwüşginli ownuk däneler

К2О üçin hasaplananda kaliniň agram paýy: azyndan 60%

Suwuň agram paýy: azyndan 1%

Owuntyk metriki düzümi (fraksiýalaryň agram paýy): s.w. 6 mm 1-den 4 mm çenli - döredilmedi; 1-4 mm çenli - şeýle hem; 1 mm az - şeýle hem.

Dinamiki berkligi (bozulmaýan owuntyklaryň agram paýy): Kadalaşdyrylmaýar

Pytraýanlygy: 100%

Önümiň hili GOST 4568-95 talaplaryna laýyk gelýär

Şahadatnamany indermek

Garlyk kaliý dag-magdan toplumy – 2017-nji ýylyň 31-nji martynda Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynyň Garlyk şäherçesiniň çäginde açyldy

Täzelikler

Ähli täzelikler

Önümçilik

Ýatagyň öndürijilik gatlaklarynyň açylmagy iki sany dik şahta guýysy bilen amala aşyrylýar. Birinji şahta guýysy – esasy magdan guýysy (skip atlandyrylan) - sagatda 1520 tonna öndürijilikli gazylyp alnan magdany ýokary çykarmak, şeýle hem käne howa bermek üçin niýetlenendir.

Şahta guýysynyň çuňlugy 364 metre barabardyr. Şahta guýysynyň içerki diametri 6,5 metre barabardyr. Skipiň sygymlylygy 30 tonna. Galdyrmagyň tizligi 11,6 m/s.

Ikinji şahta guýysy - adamlary şahta düşürmek we galdyrmak ýa-da 13 tonnadan köp bolmadyk agramly dürli maksatly ýükler üçin niýetlenendir, şeýle hem çykýan howa akymynyň üýtgemegi bolup hyzmat edýär.

Şahta guýysynyň çuňlugy 308 metre barabardyr. Şahta guýysynyň içerki diametri 6,5 metre barabardyr. Galdyrmagyň tizligi 8 m/s.

Salgymyz

+993422 3-66-77
+993440 2-00-49
garlykkaliy@online.tm