Biz barada

Kaliý dökünlerini öndürmek

«Garlyk kaliý dag-magdan toplumy»

Türkmenistanda “Garlyk kaliý dag-magdan toplumy” kaliý dökünlerini öndürýän ilkinji senagat kärhanasydyr. Toplumyň gurluşygy Türkmenistanyň Prezidentiniň 2010-njy ýylyň 15-nji ýanwaryndaky 10802 belgili Kararyna laýyklykda amala aşyryldy. Gurluşygyň baş potratçysy “Belgorhimprom” APJ (Belarus Respublikasy) boldy. Toplum 2017-nji ýylyň 31-nji martynda ulanmaga berildi.

Toplumyň ulanmaga berilmegi we onuň gurluşygynyň düýbüniň tutulmagy mynasybetli guralan dabaralara Türkmenistanyň we Belarus Respublikasynyň Prezidentleri gatnaşdylar. Kärhananyň önümleriniň esasy görnüşleriniň biri kaliý hloridi bolup durýar. Ol ownuk däneli we döwürlenen görnüşlerinden ybarat bolup durýar. Garlykdaky kaliý önümçiligi boýunça dag-magdan toplumynyň ýyllyk kuwwaty 1,4 million tonna önüme barabardyr. Kaliý känleri ýerýasty şahtalaýyn usuly esasda alynýar.

Ol yzygiderli iş tertipnamasy esasynda ýola goýuldy. Alnan çig-mal toplumyň baýlaşdyryjy fabriginde gaýtadan işlenilýär we baýlaşdyrylýar. Önüm ownuk däneli we döwürlenen ýaly görnüşlere bölünýär. Tehnologik ulgamlardan geçenden soň, taýýar bolan kaliý dökünleri toplumyň ammarynda jemlenýär. Garlyk kaliý dag-magdan toplumy – ýokary hünärli işgärleri talap edýän çylşyrymly ulgam. Toplumda ýöriteleşdirilen ýokary we ýörite orta okuw mekdeplerinde bilim alan hünärmenler, şeýle hem Belarus Respublikasynyň dag-magdan kärhanalarynda taýýarlyk işlerini we tejribe geçen işgärler işleýärler.

Toplumyň ulanmaga berilmegi ýurdumyzyň obasenagat toplumyny mineral dökünler bilen doly üpjün etmek we kaliý dökünleriniň agramly bölegini eksporta ugratmak meselelerini çözmäge mümkinçilik berýär.